Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suda ýüz tutmak dartgynlygyňmy ýa-da hyzmatdaşlygyň başlangyjy?


Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda duşuşyk wagtynda, 19-njy Maý, 2008 ý.
Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda duşuşyk wagtynda, 19-njy Maý, 2008 ý.

Anna günki hökümet maslahatynda Hazardaky jedelli territorialar boýunça 16 gezek ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini aýdan prezident Berdimuhamedow, bu gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Azerbeýjan tarapyny aýyplady.

Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň “Ýüpek Ýoly” programmasynyň ylmy barlaglar boýunça müdiri Dr.Swante Kornel Türkmenistanyň Azerbeýjan bilen dawalaryny Halkara arbitraž sud derejesine çykarmak niýetini garaşylmadyk waka diýip atlandyrdy. “Munuň sebäplerini aýtmak kyn, emma bu duýdansyz karar. Soňky döwürde biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gowulanmagyna we Baku bilen Aşgabadyň arasynda Hazar deňziniň bölünişigi boýunça dowamly dialogy görüpdik. Türkmenistanyň bu ädimi şol ikitaraplaýyn dialoga zarba bolup, onuň Günbatara gaz eksport planlaryna ýaramaz täsir ýetirer.”

Swante Korneliň pikirine görä, özara dawanyň Halkara sudunyň garamagyna berilmegi, regionyň özara problemalaryny çözmäge, aýratynam energiýa serişdeleriniň eksportyna uly gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň özara ylalaşyga gelmäge ukypsyzlygyny görkezýär. Şeýle-de türkmen gazynyň NABUCCO üçin elýeterliligine baglanýan planlara we umytlara şübhe döredýär diýip, Swante Kornel aýtdy.

Dawada Orsýet we Eýran faktory

Ýewropa Birleşigi, Azerbeýjan bilen Türkmenistana Hazar regionynyň gaz serişdelerini Ýewropa akdyrmak boýunaça amala aşyrýan NABUCCO proýektini gaz bilen üpjün etjek esasy ýurtlar hökmünde garaýar. Öz nobatynda Günbataryň bu proýekti Orsýetiň daşyndan geçip, Moskwanyň proýektlerine bäsdeş hem bolýar. Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfetdin türkmen-azeri gepleşikleriniň şowsuzlygyny daşary syýasy täsirler bilen baglaşdyrýar.

“Men bu ýerde beýleki oýunçylaryň rol oýnaýanlygyny çak edýärin, esasan hem Orsýetiň. Sebäbi Orsýetiň Hazar meselesi boýunça daşary syýasaty Türkmenistan bilen Azerbeýjana pasgelçilik döredýär. Azerbeýjan bilen Orsýetiň soňky döwürdäki gatnaşyklaryna syn etsek, Türkmenistanyň pozisýasynyň hem aňsat däldigini görmek mümkin. Häzir Türkmenistan bilen Azerbeýjan özara meselerini çözmek üçin täze prosessi başlamak boýunça pozisiýalaryny elden gidirene meňzeýär” diýip, Mehmet Seýfetdin aýtdy.

Azerbeýjanly syýasaty öwreniji Wafa Guluzada munuň täze mesele daldigini, Türkmenistanyň we Azerbeýjanyň gazynyn Ýewropa akmagyny islemeýän Orsýetiň iki ýurduň gaz baýlyklaryny özi satmak isleýänligini belledi. “Meniň pikirimçe Moskwadan Türkmenistana güýçli basyşlar edildi” diýip, Wafa Guluzada çak edýär.

Moskwada ýerleşýän Syýasy informasiýa merkeziniň müdiri Alekseý Muhin, köp döwletleri we düýpli gapma-garşylyklary öz içine alýan Hazar meselesiniň çylşyrymly galmagynyň Orsýet hem-de Eýran üçin bähbitlidigini aýdýar.

“Häzirki ýagdaýda, gyzgalaňly dawalaryň dowam etmegine gyzyklanma bildirýän esasy taraplar Orsýet bilen Eýran bolup durýar. Sebäbi Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň soňky döwürde öz enegriýa syýasatlarynyň ugurlaryny köpeltmek boýunça güýçlendiren tagallalary, regiondan Ýewropa tarap ähli energiýa ýollaryny özüne garaşly etmek isleýän Orsýetiň we Eýranyň göwnünden turmaýar. Şeýle ýagdaýda bu iki ýurduň meseläni çylşyrymlaşdyryp, maksimum peýda görmäge çalyşýanlygy barada pikir döreýär” diýip, Alekseý Muhin aýtdy.

Bu wakalary nämä ýormaly?

Öz nobatynda Azerbeýjanly bilermen, ýurduň Nebiti öwreniş merkezinden Ilhan Şaban Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň özara dawasy boýunça halkara edaralaryna ýüz tutmagyny dartgynlylygyň däl-de, ýurtlaryň hyzmatdaşlygy ösdürmek tagallalarynyň alamaty hökmünde garaýanlygyny aýtdy. Ol köne dawanyň halkara sudda siwilizlenen ýol arkaly çözülmeginiň Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň özara hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine we olaryň öz bähbitlerini regionda täsirini güýçlendirmek isleýän döwletlerden goramagyna täze mümkinçilikleri berer diýip pikir edýär.

“Munuň esasynda taraplar öz ykdysady zonalaryny bölüşmek boýunça ylalaşyga gol çekip bilerler. Olaryň dawaly ýataklaryny bilelikde özleşdirmegi hem ähtimal” diýip Azerbeýjanly bilermen Şaban belleýär. “Türkmenistanyň eden şol beýannamasyndan 5 gün geçdi. Emma taraplaryň özara dartgynlylygyny görkezýän ýazgaryjy resmi çykyşlary göze ilmedi. Bu bolsa ýurtlaryň meseläni iş tertibinde çözjegine umyt döredýär.” Onuň pikirine görä, regionda Günbatar, Orsyýet we Eýran arasyndaky gapma-garşylyklar güýçlenýän döwründe Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň içerki dawasyny halkara derejede çözmegi, olara daşarky basyşlary we täsirleri çäklendirip özara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmäge-de goşmaça mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG