Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Regionyň howpsuzlygy Duşenbede maslahat edilýär


Yslamçy ýaragly topara garşy göreşde hyzmatdaşlygy sazlaşykly alyp barmaga, Owganystan, Päkistan we Täjigistan şu günki gepleşiklerinde ylalaşdylar.

Duşenbedäki maslahata prezidentler Rahmon, Karzaý we Zardary, sebitiň howpsuzlygynyň möhüm mesele bolup durandygyny aýtdylar.

Soňky döwürde Täjigistanda Yslamçy ýaragly toparyň hüjümi artyp başlady. Liderler dikeldiş işlerini hem-de energetika hyzmatdaşlygyny hem maslahat etdiler.

Maslahata gatnaşmak üçin Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň hem Täjigistana barjakdygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG