Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Robert Gibbs özüniň ýalňyş gürländigini aýtdy


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Robert Gibbs şu hepdäniň sişenbe güni prezident Mahmud Ahmedinejady «Eýranyň resmi saýlanan prezidenti» diýip atlandyrmak bilen, özüniň ýalňyş gürländigini aýtdy.

Bu barada žurnalistlere beren interwýusynda Robert Gibbs Eýrandaky prezidentlik saýlawlarynyň netijesini ýurduň köp raýatlarynyň sorag astyna alýandygyny belläp, bu saýlawlaryň kanunydygy ýa däldigi baradaky meseläni Eýranyn halkynyň çözmelidigini nygtady.

Düýn Tähranda Mahmud Ahmedinejatyň prezidentlige kasam kabul edişlik dabarasynyň geçirilendigine garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Germaniýa Ahmedinejady ikilenji möhlete saýlanmagy bilen resmi ýagdaýda gutlamazlygy karar etdiler.
XS
SM
MD
LG