ABŞ “Green Card” lotereýa maksatnamasyny togtadýar diýip, ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk sekretary Kristi Noem X sosial media platformasynda aýtdy.
Ol bu kararyň kabul edilmegini Braun uniwersitetinde ýarag ulanyp, adam ölümine sebäp bolan Klaudio Manuel Newes-Walenteniň 2017-nji ýylda green kart almagy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, ol 2017-nji ýylda "Dürlülik lotereýasy" (DV1) immigrant wiza programmasy arkaly Birleşen Ştatlara gelipdir.
"Prezident Trampyň görkezmesi boýunça, bu betbagtçylykly maksatnamadan başga amerikalylaryň zyýan çekmezligini üpjün etmek üçin, men ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna (USCIS) DV1 maksatnamasyny derhal togtatmagy tabşyrýaryn" diýip, Noem aýtdy.
Prowidens şäherindäki Braun uniwersitetindäki ganly waka 13-nji dekabrda boldy. 48 ýaşly portugal raýaty Klaudio Manuel Newes Walente uniwersitetiň fizika we inženerçilik binasynda iki adamy atyp, dokuz adamy ýaralady.
18-nji dekabrda onuň Nýu-Hempşirdäki ammarda öli tapylandygy habar berildi.
Derňewçiler onuň 15-nji dekabrda Bruklindäki öýünde atylyp öldürilen MIT professorynyň öldürilmegine hem gatnaşygynyň bardygyna ynanýarlar.