Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Eýrandan Amerikaly tussaglar bilen duşuşdyrylmagyny talap etdi


Birleşen Ştatlary bir hepde mundan öň Yrakdan Eýrana geçenligi mälim edilip tussag edilen üç Amerikan raýaty bilen duşuşmaga rugsat etmegini, duşenbe güni Tährandan talap etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Robert Wud, Eýranyň hökümetiniň Tähranda ýerleşýän Şwesariýanyň ilçihanasynyň wekillerine şol adamlar bilen duşuşmaga rugsat etmänligini aýtdy.

Wud aýratynam Eýranyň halkara kanunlara görä, Şwesariýanyň şol ýurtdaky wekillerine, şol adamlar bilen duşuşmaga rugsat etmäge borçlydygyny hem mälim etdi.

Mälim bolşuna görä, Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen 30 ýyl töweregi möhletden bäri resmi diplomatik aragatnaşygy bolmanlygy üçin, Waşingtonuň Eýrandaky bähbitlerine Şwesariýanyň şol ýurtdaky ilçihanasy wekilçilik edýär.
XS
SM
MD
LG