Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak Sekretary Robert Geýts, Päkistanlylaryň Waşingtona bolan ynamyny gaýtadan dikeltmekligiň wagt talap etjekdigini aýtdy.
Ol Päkistanlylaryň Amerika ynamsyzlyk bildirmeginiň sebäpleriniň belli bir derejede düşnüklidigini aýdyp, sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda Waşington bu ýurtdan iki gezek ýüzüni öwürdi diýdi.
Ol bu pikirini ýakynda geçirilen pikir soralşygyň netijesine reaksiýa hökmünde öňe sürdi. Mälim bolşuna görä, şol pikir soralşyga gatnaşan Päkistanlylardan 64 prosenti Amerika özleriniň duşmany hökmünde garaýanlygyny aýdypdyr.
Şol bir wagtyň özünde bu çärä gatnaşanlardan 53 prosenti Waşington bilen aragatnaşygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny hem mälim edipdirler.
Geýts Päkistanlylaryň arasynda Waşingtona ynamsyzlygyň döremeginiň sebäpleri barada gürrüň edip munuň ilkinji sebäbi sowet goşunynyň Owganystany terk edenden soň Waşingtonyň Yslamabatdan ýüz öwürmegidir diýdi.
Onuň aýtmagyna görä, munuň ikinji sebäbi bolsa, Päkistan ýadro ýaraglar programmasyny sýnagdan geçirende Amerikanyň bu ýurda garşy sanksiýa girizmegidir.