Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Inguşetiýada partlan maşyn-bomba 19 adamy öldürdi


Orsýetiň günortasyndaky Nazran şäheriniň resmileri şu gün ýerli polisiýa edarasyna edilen kast ediş hüjüminde 19 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, bomba goýlan ýük maşyny ofiserler irki nyzama duran wagty ýerli polisiýa edarasynyň derwezesinden urduryp giripdir.

Partlama ölenlerden başga 60 çemesi adamy ýaralapdyr. Olaryň arasynda goňşy binada ýaşaýan ýaşaýjylar we 9 çaga hem bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG