Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda howpsuzlyk çäreleri gaýtadan gözden geçirilýär


Yragyň premýer-ministri Nuri El Maliki, 95 adamynyň ölümine sebäp bolan hüjümden soňra howpsuzlyk çäreleriň gaýtadan gözden geçirilmegine buýruk berdi.

Düýnki Bagdatdaky partlamalarda 400-den gowrak adam-da ýaralandy. Bombalar Yragyň Daşary we Maliýe ministrlikleriniň golaýynda partladyldy.

Henize çenli hiç kim bu hüjümi boýun almady. Ýöne bu terrorçylykly wakada dahyly barlykda Maliki Al-Kaidany we ölüm bilen jezalandyrlan Saddam Huseýine wepaly güýçleri aýyplady.

«Polisýa we ýaragly güýçler ýokary taýýarlyk derjesinde bolmaly» diýip, Maliki ýörite nygtady.

Dünki hüjümi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi hem ýazgardy.
XS
SM
MD
LG