Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda prezidentlige saýlawlar geçirilýär


Talyp režimi agdarlany bäri, indi owgan halky, şu gün 2-nji gezek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşýar.

Gozgalaňçy Talyp topary saýlaw okruglaryna hüjüm etjekdikleri bilen haýbat atdylar. Oňa garşy bolsa 10 müňlerçe owgan we daşary ýurtly güýçler, saýlawlaryň howpsuzlygyny üpjin etmek üçin ýokary taýýarlyk derejesine getirildi.

Prezidentlik kürsüsine Hamid Karzaý 2-nji möhlet bilen, şeýle-de ýurduň ozalky Daşary işler ministri Abdulla Abdulla hem-de 30 adam dalaş edýär.

Dalaşgärler 50%-den köp ses alyp bilmeseler, saýlawlaryň 2-nji tapgyry oktýabr aýynda geçiriler. Şonuň ýaly-da ertir welaýat geňeşleri üçin-de ses beriler.

3 million çemesi owganystanly türkmenler, prezidentlige öz kandidaturasyny hödürlemediler.
XS
SM
MD
LG