Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Amerikaly harbylaryň hüjüminde 11 gozgalaňçy öldürilipdir


ABŞ-nyň Owganystandaky harbylary tarapyndan edilen hüjümde Päkistanyň tire-taýpalar regionynda 11 şubheliniň öldürilenligi aýdylýar.

Habar agentlikleriň maglumatyna görä, adamsyz uçar tarapyndan amala aşyrlan şol hüjüm, Päkistanyň Owgan serhediniň golaýynda Talyplaryň merkezi diýlip şübhe edilen bir ýerde bolupdyr.

Mälim bolşuna görä, mundan bir aý öň amerikaly harbylar tarapyndan edilen şeýle hüjümde, päkistanly Talyplaryň ýolbaşçysy Beýtullah Mehsuduň öldürilenligi habar berlipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG