Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Bolgariýa barar


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti ilkinji resmi sapar bilen Bolgariýa ugrar. Ýokary derejeli duşuşykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklanar.

Soňky hökümet maslahatlarynyň birinde Berdimuhamedow Bolgariýany geljegi uly hyzmatdaş diýip atlandyrypdy hem “iki ýurduň geografik ýerleşişi hasaba alynsa, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze transport ýollaryny döredip bolar” diýipdi.

2008-nji ýylyň dekabrynda Bolgariýanyň prezidenti Georgiý Pyrwanow Aşgabada gelipdi hem öz ýurdunyň her ýyl 2 milliard kubometr türkmen gazyny almaga taýýardygyny aýdypdy.

Berdimuhammedowy Bolgariýanyň turizm boýunça tejribeleri-de gyzyklandyrýar-diýip, ITAR-TASS agentligi ýazýar.
XS
SM
MD
LG