Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbeýjan Türkmenistanyň harby planlaryna garşy


Azerbeýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Elhan Poluhow, öz ýurdynyň Hazar deňziniň ýaragsyzlandyrmagynyň tarapdarydygyny aýdyp, Türkmen häkimiýetleriniň harby deňiz bazasyny döretmek plany bilen ylalaşmaýandygyny mälim etdi.

30-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti türkmen halkynyň asuda ýaşaýşyny halkara terrorçylardan goramak maksady bilen Hazarda harby deňiz bazasyny döretmek baradaky karara gelendigini yglan etdi.

Bu mesele bilen baglanşykly Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ilçisi Hans Olsson Azatlyk radiosyna beren interwýusynda “Men türkmen gazynyň eksportyny has hem kynlaşdyryp biljek hereketlerden Türkmenistanyň saklanjakdygyna doly ynanýaryn” diýip belledi.
XS
SM
MD
LG