Dünýäniň uly alty ýurdunyň resmileri şu gün Germaniýada Eýranyň ýadro programmasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşýar.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Germaniýanyň resmileriniň Frankfurtuň çetindäki duşuşygy Eýranyň baş ýadro gepleşikçisiniň Tähran öz ýadro programmasy baradaky gepleşikler üçin täze teklipler taýýarlady diýen beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.
Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Said Jaliliniň teklibi babatda özünde hiç bir sözüň ýokdugyny, ýöne islendik tagalla “çynlakaý hem özara hormat ruhunda seretjekdigini” aýtdy. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýrana täze gepleşikler baradaky çagyryşlara jogap üçin aýyň aýagyna çenli möhlet beripdi we ýogsa täze ykdysady sanksiýalara uçrajagyny duýdurypdy.