Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda baş aňtawçynyň orunbasary öldürildi


Janyndan geçen bombaçy Owganystanyň Aňtaw gullugynyň başlygynyň orunbasaryny we ýene azyndan 22 adamy öldürdi.

Hüjümçi Lahman welaýatyndaky Mehterlam şäherinde, metjidiň işigindäki mähelläniň içinde, resmileriň metjitden çykyp barýan wagty özüni partlatdy.

Welaýat gubernatory Owganystanyň Milli howpsuzlyk guramasynyň başlygynyň orunbasary Abdylla Lahmaniniň öldürilendigini tassyk etdi.

Partlamada başga-da birnäçe ýokary derejeli resmi we azyndan 18 graždan adam öldi.

Talyban bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Lahmanini nyşana alandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG