Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary sud Politkowskaýanyň öldürilmegini täzeden derňemegi buýurýar


Orsýetiň Ýokary sudy žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmegini täzeden derňemegi buýurdy.

Orsýetiň habar gulluklary Ýokary suduň bu işi gaýtadan derňemek üçin yzyna, prokurorlara iberendigini ýazýarlar.

Kremliň berk tankytçysy bolan we hukuk bozulmalaryny hem-de korrupsiýany giňden paş eden Politkowskaýa 2006-njy ýylyň oktýabrynda atylyp öldürilipdi. Bu jenaýata ilteşiklilikde güman edilip tutulan iki adam fewral aýynda aklanypdy we ýokary sud olaryň gaýtadan sud edilmegini talap edipdi.

Žurnalisti tüpeňlemekde günälenýän adam henizem tutulanok.

Politkowskaýanyň maşgalasy we goldawçylary bu ölümi kimiň buýranlygyny tapmak üçin täze derňew geçirmäge çagyrypdylar.
XS
SM
MD
LG