Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze barlaglar gaz ätiýaçlyklaryny tassyk edýär


Türkmenistan penşenbe güni Günorta Ýolöten gaz ýatagynda geçirilen täze barlaglaryň ummasyz uly mukdarda gaz ätiýaçlyklarynyň bardygyny tassyklandygyny aýtdy. Bu barada Roýters Aşgabatdan habar berýär.

Britaniýanyň Gaffney, Cline and Associates firmasynyň geçen ýylky tassyklamasyna görä, Günorta Ýolöten 4 trillion bilen 14 trillion kub metr aralygynda gaz ätiýaçlyklaryna eýe.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrligi penşenbe güni täze barlaglaryň bu aýdylýanlary ýene bir gezek tassyklandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG