Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro programmasyny dowam etdirjekdigini aýdýar


Duşenbe güni prezident Mahmud Ahmedinejad Eýranyň öz ýadro programmasy boýunça işlerini mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini we özüniň ýadro energiýasyna eýe bolmak hukuklary barada hiç bir tarap bilen gepleşik geçirmejekdigini aýtdy.

Tähranda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda prezident Ahmedinejat ýadro programmasy bilen baglanyşykly Eýranyň kanuny hukuklaryny äsgermeýän gepleşikler üçin indi gapylaryň ýapykdygyny nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we käbir beýleki günbatar ýurtlary ýadro programmasy bilen baglanyşykly gepleşikleriň geçirilmegi üçin Eýrana şu ýylyň sentýabryna çenli möhlet beripdiler. Şol möhletiň içinde Tähranyň gepleşiklere girmedik halatynda, olar Eýrana garşy täze sanksiýalaryň ulanyljakdygy bilen duýduryş berdiler.
XS
SM
MD
LG