Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly oppozision aktiwistleri tussag edildi


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri oppozision lideri Mir Hossain Musawiniň ýokary derejeli maslahatçysyny tussag edipdir.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, Ali Reza Baheşti sişenbe güni Tähranda tussag edilipdir.

Mälim bolşuna görä, howpsuzlyk güýçleri Eýranda 12-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýawlarynda galplyklara ýol berilenligini aýdyp köçelere çykanlygy sebäpli tussag edilen adamlaryň hak-hukugunyň aýak asty edilenligi baradaky wakalary derňemek üçin Musawi tarapyndan gurulan edarada sişenbe güni reid geçiripdi.

Şeýle-de beýleki bir oppozision lideri Mehdi Karrubiniň ofisine hem sişenbe güni raid geçirilip, şol wakada käbir dokumentleriňde olar tarapyndan alnyp gidilenligi aýdylýar.

Mehdi Karrubiniň ýakyn ýaranlaryndan biri bolan Morteza Alwiri-de sişenbe güni Tährandaky öýünde tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG