Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň parlamentinde Günbatara tarapdar blogyň ýolbaşçysy tassyklandy


Düýn Moldowanyň Konstitusion sudy Parlamentdäki Günbatara tarapdar blogyň başlygy Mihaý Gimpuny prezidentlik wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde tassyklady.

Parlamentdäki kommunistler Parlamentiň spikeri Mihaý Gimpunyň prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji bolmagyna garşy çykyş edipdiler.

Emma Moldowanyň Konstitusion sudy jenap Gimpunyň döwlet lideriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolmagynyň kanuna laýykdygyny aýdyp, bu barada ýörite karar çykardy.

Mihaý Gimpu Moldowanyň Parlamentinde orunlaryň köpçüligine eýelik edýän Günbatara tarapdar koalision bloga ýolbaşçylyk edýär. Ol geçen hepde ýurduň ozalky prezidenti, kommunistleriň lideri Wladimir Woroniniň kanuna laýyklykda wezipesinden çekilmeginiň yzy bilen, prezidentlik wezipesini wagtlaýynça öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG