Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan terror hüjümi boýunça habardar edildi


Düýn Ysraýylyň habar serişdeleri ýurduň razwedka gullugynyň maglumatyna salgylanmak bilen, geçen ýyl Hindistanyň Bombeý şäherinde hüjümleri amala aşyran terror toparynyň şoňa meňzeş hüjümleri Hindistanyň terrioriýasynda ýene gaýtadan amala aşyrmagy planlaşdyrýandygyny habar berdiler.

Ysraýylyň «Kanal Iki» telewideniýesi şeýle hüjümleriň Hindistanyň territoriýasyndaky Ysraýylyň we Günbataryň graždanlaryna garşy gönükdiriljekdigini aýdýar. Ýöne Ysraýylyň telewideniýesi bu maglumatyň anyk çeşmesi barada welin maglumat bermeýär.

Geçen ýylyň noýabrynda Hindistanyň Bombeý şäherinde ýaragly terrorçylaryň amala aşyran hüjüminde azyndan 188 adam ölüpdi. Şol wakada Hindistan düýbi Pakistanda ýerleşýän «Laşkari-Taýba» atly yslamçy ekstremistik topary aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG