Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinajat ýewropaly ýewreýleriň holokosty «toslama» we Ysraýylyň döredilmegi üçin bahana diýdi.
Ahmedinajat Tähranda her ýyl palestinalylar bilen raýdaşlyk üçin bellenýän Kuds gününiň ýygnanyşygynyň soňunda çykyş etdi. Şeýle-de ol günbatar ýurtlaryny Ysraýyl babatda goşa standartda eýermekde tankytlap, «sionist režim» islendik jenaýat etmekde azat, emma Eýran kiçijik bir hereket etse-de senzura edilýär diýdi.
Ahmedinajat birnäçe ýyl mundan ozal Ysraýyl Ýer togalagynyň kartasyndan «süpürilip aýrylar» diýen sözi bilen ullakan halkara tankydyna sebäp bolupdy.