Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete sowgat berlen Türkmenistanyň dag barslary metbugatlarda


Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri türkmen prezidenti tarapyndan Orsýete sowgat berlen dag barslarynyň Soçi olimpiadasynyň simwoly bolmaklarynyň mümkindigini habar berýärler.

Maglumata görä, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowa bu «sowgaty» üçin uly sagbolsun aýdypdyr.

Maglumatda, sowgat berlen iki dag barsynyň erkek barslardygy we ýakyn wagtlarda ýene iki sany urkaçy barsyň hem Türkmenistandan Orsýete eltiljekdigi aýdylýar.

Käbir synçylar Türkmenistanyň özünde-de örän seýrek duş gelýän bular ýaly jandarlaryň türkmen prezidenti tarapyndan daşary ýurtlara sowgat paýlanmagynyň kanuna laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG