Amerikaly wekiller Eýran öz ýadro programmasy barada halkara jemgyýetçiligini kanagatlandyrmasa, bu ýurda garşy has berk sanksiýa girizilmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlaryň maliýe ministriniň terrorçylyk boýunça kömekçisi Stwart Leweni Senatyň banklar boýunça kommitetiniň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda, Waşingtonuň Eýrana garşy has berk sanksiýalaryň girizilmegi üçin öz ýaranlary bilen bilelikde hemmetaraplaýyn proýekti işläp düzmäge taýýardygyny aýtdy.
“Biziň bu ugurda bütewi koalisiýa zeruryýetimiz bar. Eger biz bu sanksiýalary artdyrmaly bolsak, munuň has giňeldilmegi üçin öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen işleşeris we muňa mümkin boldugyndan halkara goldaw almaga synanşarys. Meniň pikirimçe, bu biziň üstünlikli bolmagymyz üçin möhüm bolup durýar” diýip amerikaly ýolbaşçy aýtdy.
Eýran öz ýadro programmasy boýunça Birleşen Ştatlary bilen bir hatarda, Hytaýyň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň wekilleri bilen ýakynda Ženewada duşuşyk geçirdi.