Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama howpsuzlyk geňeşçileri bilen Owganystany maslahatlaşýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan we Päkistan baradaky uly synynyň dowamynda özüniň ýokary derejeli howpsuzlyk, harby we syýasy geňeşçileri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Bu duşuşyk Owganystandaky urşuň 8 ýyllygyna gabat geldi. Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda, Birleşen Ştatlara 11-nji sentýabrda edilen terror hüjümlerine jogap edip, «Azatlygy berkitmek operasiýasyna» başlapdy.

Owganystana goşun salynmagy Talybanyň häkimiýetden agdarylmagyna we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň Al-Kaýda guramasyny dargytmaga gönükdrilmegine getirdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, resmiler Owganystana ýene esger ibermek meselesini we Päkistanda yslam jeňçileriniň hüjümleriniň ýygjamlaşmasyny ara alyp maslahatlaşarlar.

XS
SM
MD
LG