Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanda söweşijilere garşy täze operasiýa başlanar


Päkistanyň Içeri işler ministri Rahman Malik bu ýurduň Waziristan regionynda ýerleşýän Al-Kaýda we Talyp söweşijilerini basyp ýatyrmak barada planlaşdyrylýan harby operasiýalaryň, häzirki döwürde gaýra-goýulmasyz bir çärä öwrülenligini aýtdy.

Päkistanyň Rawalpindi şäherinde ýerleşýän harby güýçleriniň baş ştabyna şenbe güni söweşijiler tarapyndan edilen hüjümden soňra ol düýn Roýters habar agentligine beren interwýusynda, şol regionda gury ýer arkaly harby operasiýalary amala aşyrmaklygyň zerurdygy barada hökümet ýolbaşçylarynyň karara gelenligini nygtady.

Ol aýratynam Owgan serhediniň golaýynda ýerleşýän Günorta Waziristandaky ýerli tire-taýpa ýolbaşçylarynyň hem söweşijilere garşy operasiýa geçirilmegini isleýändigini öňe sürdi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Päkistanyň howa güýçleri ady agzalýan regionda bir aý töweregi wagtdan bäri operasiýalar amala aşyrýar. Emma bu çärä henize çenli gury ýer arkaly girişilmedi.
XS
SM
MD
LG