Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana çagyryş edýär


ABŞ Eýrany ýadro programmasynyň töweregindäki krizisi kadalaşdyrmak boýunça plany ýerine ýetirmäge eglenmezden girişmäge çagyrypdyr.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik Eýrana, ABŞ-a, Orsýete we Fransiýa şertnamanyň proýektini berenden soň, şol dokumenti taraplaryň anna gününe çenli tassyklanjagyny hasaba alyp, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton beýannama bilen çykyş edipdir.

Şol ylalaşyga laýyklykda Eýranyň ýadro programmasy üçin gerek ýokary derejede baýlaşdyrylan uran Eýranda däl-de, Orsýetde we Fransiýada öndürilmeli.
XS
SM
MD
LG