Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň öňki prezidenti sud edilýär


Şu gün Fransiýanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Žak Şiraga garşy onuň Pariže merlik eden ýyllaryndaky kanun bozmalary bilen baglanyşykly sud diňlenişiginiň açylýandygyny yglan etdi.

Hususan-da, sud Žak Şiraga şol ýyllarda döwlet fondundan hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplama bildirilýändigini mälim etdi.

Žak Şirak 1977-nji ýyldan 1995-njy ýyla çenli Parižiň meri wezipesinde işläpdi. 1995-nji ýylda bolsa ol Fransiýanyň prezidenti wezipesine saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG