Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň rezolýusiýasyny Ysraýylyň hökümeti ret etdi


Şu ýylyň başynda Palestinanyň Gaza Sektorynda Ysraýylyň geçiren harby operasiýalary wagtynda uruş jenaýatçylygynyň bolandygy baradaky faktlary derňemeklige çagyryş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden düýnki rezolýusiýasyny şu gün Ysraýylyň hökümeti ret etdi.

Düýn bu baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň agzalaryndan 144-si goldap ses berdi, 18 döwlet oňa garşy ses berdi, 44 döwlet bolsa ses bermekden saklandy. Kabul edilen bu rezolýusiýa uruş jenaýatçylygy baradaky aýyplamalar boýunça Ysraýylyň hem-de Palestinanyň düýpli derňewleri geçirmelidigi barada ýakynda BMG-niň Ynsan Hukuklary baradaky Geňeşiniň kabul eden kararyny goldady.

Şol gürrüňi edilýän kararda Ysraýyl bilen Palestinanyň bu ugurda düýpli derňewleri geçirmedik halatynda, bu baradaky meseläniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna geçiriljekdigi barada duýduryş hem berilýär.
XS
SM
MD
LG