Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedewiň daşary ýurtlarda harby güýç ulanmak mümkinçilikleri giňelýär


Şu gün Orsýetiň prezident administrasiýasy ýurduň prezidenti Dimitriý Medwedewiň daşary ýurtlarda harby güýç ulanmak mümkinçiliklerini giňeldýän kanuna gol çekendigini mälim etdi.

Bu gürrüňi edilýän täze kanun indi Orsýetiň daşary ýurtlarda ýerleşýän harby bolümlerine nähilidir bir hüjüm edilende ýa-da başga bir ýurda howp abananda kömek soralanda ýa-da Orsýetiň raýatlaryny goramak zerurlygy ýüze çykanda, şeýle hem Orsýetiň gämilerini goramak zerurlygy we deňiz garakçylaryna garşy söweşmek zerurlygy ýüze çykan halatynda Orsýetiň prezidentine daşary ýurtlara goşun ýollamaga rugsat berýär.

Ozalky kanun Orsýetiň prezidentine diňe terrorizme garşy göreşmek hem-de halkara ylalaşyklaryna degişli käbir beýleki möhüm zerurlyklar ýüze çykanda daşary ýurtlara goşun ýollamaga rugsat berýärdi. Prezident Medwedewiň gol çeken bu kanuny oktýabr aýynda Orsýetiň Parlamenti tarapyndan kabul edilipdi.
XS
SM
MD
LG