Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-eýran gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy


Şu gün Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri Türkmenistandan Eýrana çekilýän gaz truboprowodynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdiler.

Şu ýylyň dekabrynda işe girizilmegi planlaşdyrylýan bu gaz truboprowodynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagyndan Eýrana goşmaça gaz akdyrylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri şu täze truboprowodyň işe girizilmegi bilen, Eýrana akdyrylýan gazyň umumy möçberiniň ýylda 20 milliard kubometr töweregi boljakdygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistandan Hytaýa çekilýän gaz truboprowodynyň hem gurluşygy tamamlanar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG