Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa-Ýuwaş okean sammiti täze ykdysady strategiýa çagyrýar


Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň liderleri dünýä ösüşini üpjün etmek üçin halkara ykdysady intergasiýasynyň täze modelini döretmäge çagyrýarlar.

Şu gün Singapurda geçirilen sammitiň soňunda çap edilen beýanatda liderler global krizisiň gowşamagy bilen iş, biznes dünýäsi köne usullara dolanyp bilmez diýdiler. Olar özleriniň ykdysady stimul syýasatlaryny ymykly dikeldiş ýola goýulýança dowam etdirmegi wada berdiler.

Şeýle-de olar ýurtlar jemgyetiň ähli pudaklaryndaky mümkinçlikleri giňeltmek bilen «berk, durnukly we deňagramly global ykdysady ösüş» üçin işlemelidir diýdiler.

Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna 20-den gowrak lider, şol sanda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG