Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Kerzeýň ikinji gezek prezident saýlanmagyna gowy baha berdi


NATO-nyň Baş sekretary Andres Fogh Rasmussen Owganystanyň prezidenti Hamid Kerzeýň ikinji gezek döwlet baştutany wezipesine saýlanmagyna taryhy waka diýip baha berdi.

Rasmussen Hamid Kerzeýiň kasam kabul edişlik dabarasy bilen bagly ýaýradan beýanatynda, Kerzeýiň korrupsiýa garşy berk çäre görmelidigini hem öňe sürdi.

Kerzeýň kasam kabul edişlik dabarasyna gatnaşan Germaniýanyň Daşary işler ministri Guido Westerwelle, halkara jemgyýetçiligi Kerzeýiň gowy pikiriniň dogry hereketler bilen dowam etmegine umyt edýänligini aýtdy.

Mälim bolşuna görä, NATO terrora garşy göreş boýunça Owganystana ýardam etmek üçin 8 ýyldan bäri şol ýurtda ýerleşýär. Emma bu gurama agza käbir günbatarly ýurtlarda owgan missiýasyna goldaw peselýär.

Kerzeý Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton we Päkistanyň prezidenti Asif Ali Zerdariniň hem gatnaşmagynda geçirilen dabarada sözlän sözünde, geçmişde goýberilen ýalňyşlyklardan sapak aljakdygyny hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG