Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlaryň haj zyýaraty başlandy


Şu gün yslamyň mukaddes şäherleri bolan Mekgä we Medinä haj zyýaratlary başlanýar.

Bu ýyl 2.5 million çemesi musulman yslamyň bäş parzynyň biri bolan haj zyýaratyny amal etmek üçin Mekgä geldi.

Doňuz dümewi bilen bagly aladalar sebäpli bu ýyl haja gelenleriň sany az.

Saud Arabasytanynyň hökümeti bu kesel bilen bagly goşmaça saglyk çärelerini gördi. 100 müňden gowrak polis hem howpsuzlyk işgäri bolsa Mekge hem Medine töwereklerinde nobatçylyk çekýär.
XS
SM
MD
LG