Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýurduň raýatlarynyň soraglaryna jogap berdi


Şu gün Orsýetiiň premýer-ministri Wladimir Putin döwlet telewideniýesi arkaly göni efirde ýurduň raýatlarynyň soraglaryna jogap berip, çykyş etdi.

Özünin bu sorag-jogap alşygynyň barşynda Wladimir Putin geçen hepdäniň Anna güni demirýoluň partlanmagy bilen bagly amala aşyrylan hüjümiň Orsýetde terrorizmiň abandyrýan howpunyň ýokarydygyny görkezýändigini aýtdy. Munuň özi Wladimir Putiniň göni efirde raýatlaryň soraglaryna jogap berip eden sekizinji çykyşydyr. Mundan öň Orsýetiň prezidenti wezipesinde-de ol ençeme gezek şular ýaly sorag-jogap alşygyny gurnapdy.

Bu günki çykyşynda Wladimir Putin Orsýetdäki ykdysady krizisiň iň ýaramaz döwrüniň geçendigini, ýöne muňa garamazdan ýurduň ykdysadyýetiniň geçen ýyldakydan 8.5 prosent töweregi pese düşjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG