Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nil derýasynda iki gämi çakyşdy


Müsüriň howpsuzlyk resmisi ýurduň demirgazygynda Nil derýasynda iki sany motorly gäminiň çakyşandygyny we onlarça ýolagçynyň tapylmaýandygyny aýdýar.

Ol resmi gämileriň üstünde näçe adamyň bolandygy belli däl diýýär. Emma şaýatlar ol gämilerde 50 bilen 60 aralygynda ýolagçy bolandygyny aýdýarlar.

Howpsuzlyk resmisi anna güni Raşid şäheriniň golaýynda bolan hadysada 13 adamyň halas edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG