Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nuri el Maliki halkyna asudalygy goldamaga çagyryş etdi


Yragyň premýer ministri Nuri el Maliki sişenbe günki yzygiderli partlamalardan soňra, Yraklylary “asudalyga” we howpsuzlyk güýçlerini goldamaga çagyrdy. Şol partlamalarda azyndan 127 adam öldi. Maliki telewideniýe arkaly çykyş etdi.

Şol partlamalar bilen bagly Maliki we onuň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri berk tankytlandy. Bu hüjümlerde Al Kaýda aýyplandy.

Maliki şeýle diýdi: “Adatça, şular ýaly jenaýatlarda öz işine sowuk sala garaýanlara jeza bermek üçin çäreler görülýär. Şu jenaýat täze özgerşliklere, howpsuzlyk planlara täzeden seredilmegine getirer. Bular bolsa, terrorizme garşy göreşi güýçlendirmäge girew bolar”.

Düýn günüň ahyrynda Malikiniň edarasy Bagdadyň howpsuzlyk güýçleriniň başlygynyň işinden boşadylandygy barada beýanat ýayratdy. Yrakly parlamentçiler bolsa, hüjümçileriň nädip partlamalary amala aşyrandygy baradaky sowallara şu günki mejlisde ýokary derejeli resmileri jogap bermäge çagyrdylar.

Oňa Malikiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýlede düýn Yragyň harby bileleşiginiň başlygy general maýor al Jaabiriniň žurnalistlere aýtmagyna görä, Siriýadaky ýa-da Saud Arabystandaky toparlar hüjümçileriň arkasynda durýarlar.
XS
SM
MD
LG