Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda oppozisiýanyň ýedi wekiliniň tussag edilendigi aýdylýar


Eýrandan gowşan maglumatlara görä, ýurduň oppozision reformaçy partiýasynyň azalaryndan ýedi görnükli wekiliniň tussag edildi.

Reformaçylary goldaýan internet saýtlarynyň beren maglumatlaryna görä, tussag edilenleriň üçüsi Mir Husseýin Musawiniň kömekçileri bolup durýar. Bu maglumat häzire çenli garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

Bu tutha-tutlyklaryň düýn Tähranda geçirilen protestlerden soň amala aşyrylýandygy maglumatda aýdylýar.

Şol protestlerde azyndan sekiz adamyň öldürilendigi aýdyldy. Olardan biriniň reformaçylaryň lideri Mir Husseýin Musawiniň ýegeni Ali Musawidigi habar berildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesinde berlen maglumatlara görä, bu protestlerde sekiz adam ölüp, üç ýüze golaýy tussag edilipdir.

Polisiýa bu protestlerde heläk bolanlara özleriniň dahylynyň ýokdugyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG