Eýran we Gazagystan Gazagystan ýaşryn ylalaşyk esasynda Eýranyň dawaly ýadro programmasyny uran bilen üpjün etjek diýlen habary ret etdi.
Ýazylmagyna görä, bu ylalaşyk esasynda Eýrana 1.350 tonna uran iberilmeli. Soňra bu uran baýlaşdyrylyp, ýadro ýaragyny ýasamak üçin ulanylyp bilner.
Eýranyň BMG-däki wekili Roýters habarlar gullugyna faks arkaly hat iberip, bu habaryň «esassyzdygyny» aýtdy we «täsirli güýçleriň» metbugaty Eýrana garşy psihologiki uruş alyp barmakda ulanýandygyny öňe sürdi.
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bolsa bu habary «düýpden ret edýändigini» aýdyp beýanat ýaýratdy.