Şu gün Eýranyň Razwedka ministerligi 60 töweregi amerikan we halkara guramalary bilen bir hatarda, daşary ýurtly habar beriş serişdelerini, şol sanda, Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy bolan “Radio Fardany” hem prezidentlik saylawlaryndan soňra bu ýurtda dörän bulagayçylyklarda rol oýnanlykda aýplady.
Eýranyň metbugat serişdelerinde duşenbe güni çap edilen şol sanawda «Radio Farda» bilen bir hatarda BBC, «Amerikanyň sesi» radiosy, düýbi Gollandiýada ýerleşýän «Radio Zamana» ýaly guramalaryň hem ady agzalýar.
Eýranyň Razwedka ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary ady sanawa goşulan bu guramalary Eýranyň režimine garşy hereket edýänlikde aýplady.