Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýurt goragynda wepat bolanlar ýatlanýar


Türkmenistan şu gün watan ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyra gününi belledi.

1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda rus goşunlary Gökdepe galasyny partladyp, onuň içinden bosup çykan ýaragly-ýaragsyz adamy gyrgyna berdi.

Türkmenistanda bu gün ýurt ugrundaky uruşlarda wepat bolanlaryň ählisini ýatlamak üçin bellenip geçilýär.

Ýurduň paýtagtynda we regional merkezlerde, şäherlerde Türkmenistanyň döwlet baýdagy watan ugrundaky söweşlerde başyny goýan ogul-gyzlaryň hormatyna aşak goýberildi.

Türkmenistanlylar metjitlerde we öýlerde watan goragynda ölenleri ýatlap dowa-töwir etdiler.

Gökdepe galasynda, 129 ýyl öň söweş bolan ýerde gurlan Saparmyrat Hajy metjidinde bolan ýatlama dabarasyna ýurduň prezidenti G. Berdimuhamedow we hökümet, parlament agzalary, diplomatlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG