Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaitide uly aladalar duýulýar


Hepdäniň sişenbe güni Gaitide ýüz beren güýçli ýer yranmasyndan soň bu tebigy heläkçiligiň bolan ýerinde gümanitar ýardamlaryň gijikdirilýändigi bilen baglanyşykly uly aladalar duýulýar.

Käbir habar agentlikleri ýardamlaryň bökdelmeginiň sebäbini Gaitiniň paýtagtyndaky aeroportda uçup barýan uçarlary kabul etmek mümkinçilikleriniň çäklidigi bilen düşündirýärler.

Gaitiniň esasy deňiz portuna hem ýer yranmanyň netijesinde uly zeper etipdir.

Halkara Gyzyl Haç guramasy hepdäniň sişenbe güni 7 ball güýjünde ýüz beren bu ýer yranmada azyndan 50 müň töweregi adam ölendir diýlip çaklanylýandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG