Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Limonow we Ponomarew Moskwada suduň öňünde durar


“Başga Orsyet” koalisiýasynyň liderleriniň biri Eduard Limonow hem “Adam hukuklary ugrundaky” hereketiň ýolbaşçysy Lew Ponomarew şu gün Moskwada suduň öňünde durar.

“Interfaks” agentliginiň maglumatyna görä, Limonowy 31-nji ýanwarda Triumfal meýdanynda miting gurnany üçin aýyplaýarlar.

Ýygnak azatlygyny goramak boýunça geçirilen aksiýa häkimiýetler rugsat bermändir. Milisiýa oppozision aktiwistlerden, adam hukuklaryny goraýjylardan onlarçasyny saklapdy.

Lew Ponomarewy administratiw hukuk düzgünlerini bozanlykda aýyplaýarlar. Ol öldürilen aklawçy Stanislaw Markelow bilen žurnalist Anastasiýa Baburowanyň ýadygärligini hormatlap, 19-njy ýanwarda piket geçiripdi.

Aksiýa gatnaşanlaryň sany häkimiýetleriň rugsat bereninden köp bolup çykypdyr.
XS
SM
MD
LG