Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban NATO hüjüminden öň pozisiýasyny berkidýär


Owganystanyň Helmand welaýatyndaky Talyban jeňçileriniň NATO-nyň hüjüminden öň pozisiýalaryny berkidýändigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň we NATO güýçleriniň Owganystandaky komandiri, general Stanliý MakKristal Marjany yzyna almak operasiýasynyň Talyban üçin hökümetiň öz kontrollugyny giňeldýänligi barada berk duýduryş boljagyny aýdýar.

Marjada ýerleşýän Nad Aly etrabynyň Talyban komandiri Abdulla Nasrat Roýters bilen telefonda gürleşip, ol ýerde 2 müň çemesi pitneçiniň soňky demine çenli söweşmäge taýýar durandygyny aýtdy.

Boljak söweşden gorkan adamlaryň ýüzlerçesiniň Marjadan gaçandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG