Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň ykdysadyýetine bagyşlanan sammit geçirilýär


Şu gün Brýusselde Gresiýanyň ykdysady ýagadaýyna bagyşlanyp ýörite sammit geçirilýär.

Sammite Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwletiň liderleri gatnaşyp, ykdysady krizis zerarly Gresiýanyň başdan geçirýän kyn ýagdaýyna çykalga gözleýärler.

Bu sammitiň açylyş dabarasynda çykyş eden Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý Gresiýanyň ýagdaýyny gowlandyrmak ugrunda ylalaşyga gelnenligini mälim etdi.

Gresiýadaky ykdysady çökgünlik ýewronyň hümmetine ýaramaz täsirini ýetirýär.

Şeýle hem bu ýagdaý göňşy Portugaliýanyň hem Ispaniýanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edip biler diýen howatyrlanmalar bar.
XS
SM
MD
LG