Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky saýlawlaryň resmi netijesi wagtlaýynça güýçsüz


Şu gün Ukrainanyň Ýokary administratiw sudy ýakynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňlen Ýuliýa Timoşenkonyň eden şikaýatynyň esasynda bu saýlawlaryň resmi netijesini wagtlaýynça güýçsüz diýip yglan etdi.

Ukrainada 7-nji fewralda geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiç öz garşydaşy Ýuliýa Timoşenkodan 3.5 prosent töweregi artyk ses alyp, ýeňiji bolupdy. Ýöne Ýuliýa Timoşenko saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini aýdyp, bu mesele boýunça şikaýat bilen suda ýüz tutjakdygyny mälim edipdi.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, düýn Ukrainanyň parlamenti prezidentlige täze saýlanan Wiktor Ýanukowiçiň inagurasiýa dabarasyny 25-nji fewralda geçirmekligi goldap, ses berdi.

Ýurduň Ýokary administratiw sudy inagurasiýa dabarasyny ýatyrmaga özünde resmi ygtyýarlygyň ýokdugyna salgylanyp, bu meselä goşulyşmajakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG