Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dalaý Lama Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapara ugrady


Şu gün Tibetiň bosgunlykdaky ruhy lideri Dalaý Lama prezident Barak Obama bilen gepleşik geçirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapara ugrady.

Hytaýyň häkimiýetleri Dalaý Lamany Tibet regionynyň garaşsyzlyga eýe bolmagy ugrunda bikanun propoganda alyp barmakda aýyplap, Birleşen Ştatlaryň resmilerini onuň bilen gepleşiklerden gaça durmaklyga çagyryp gelýärler.

Ýöne Pekiniň bu çagyryşlaryna garamazdan, ertir, hepdäniň penşenbe güni prezident Barak Obama Dalaý Lama bilen duşuşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG