Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Hamasyň söweşjeň lideriniň öldürilmegine uly alada bildirýär


Şu gün Ýewropa Bileleşigi ýewropaly raýatlaryň pasportlary ulanylyp, Hamasyň söweşjeň lideriniň öldürilmegine çakdanaşa uly alada bildirýändigini mälim edip, beýanat ýaýratdy.

Ýewropa Bileleşigine başlyklyk edýän Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinos bu barada şu gün Brýusselde ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

Bu beýanatda Ysraýylyň adyna hiç hili tankyt bildirilmese-de, Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman şu gün bu gürrüňi edilýän mesele boýunça özüniň Miguel Angel Moratinos hem-de Ýewropa döwletlerinden ýene birnäçesiniň daşary işler ministrleri bilen Brýusselde gepleşik geçirmekçidigini aýtdy.

Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda Dubaýyň myhmanhanasynda Hamasyň söweşjeň lideri Mahmud al-Mabhuhyň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzy bilen, Dubaýyň polisiýasy bu işde Ysraýylyň razwedka gullugyna güman bildirýändigini aýdyp, çykyş edipdi.

Dubaýyň polisiýasynyň tassyklamagyna görä, bu kast edişlige gatnaşan 11 adam ýewropa ýurtlarynyň pasportlaryny ulanypdyr.
XS
SM
MD
LG