Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alternatiw energiýa çeşmeleri maslahatlaşylýar


Şu günler Türkmenistanda alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça halkara forum geçirilýär.

Forumda alternatiw energiýa çeşmelerine degişli ylmy-tehniki, ekologiýa we ykdysady meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar.

Resmi maglumatlarda Türkmenistandaky ylmy pikiriň ösüşini görkezýän ägirt üstünlikler baradaky hasabatlaryň hem beriljegi aýdyldy.

Türkmenistanda bu ugurdan edilýän işleriň arasynda 2009-njy ýylda Ylymlar Akdemiýasynyň çäginde Gün insitutynyň döredilenligi, resmi maglumatlarda Türkmenistanyň günden, ýelden, termal suwlardan, biogazlardan giňden peýdalanmak inisiatiwasy bilen çykyş edýänligi, ýurtda gün-ýel kompleksiniň we diňe Gün energiýasy bilen işleýän dürli enjamlaryň döredilenligi aýdylýar.

Günüň energiýasy we “Gün instituty”

Türkmenistanda ozalky ýyllarda esasy alternatiw enegriýa çeşmesiniň Gün energiýasy bolanlygyny bilermenler aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalyk boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew Günüň energiýasyny ulanmak boýunça işleriň 80-nji ýyllarda aktiw alnyp barlananlygyny, munuň üçin Türkmenistanda döredilen Gün insitutynyň Sowet Soýuzynda ýeke-täk ýörite institut hökmünde işlänligini, emma garaşsyzlyk ýyllarynda maliýe üpjünçiligi kesilip, institutyň işiniň çäklendirilenligini gürrüň berdi.

Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, häzirki döwrüň ösen tehnologiýalary Gün energiýasyny has netijeli ulanmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär, güneşli Türkmenistanda bolsa munuň üçin tebigy mümkinçilikler näçe diýseň bar.

Alternatiw energiýa çeşmeleriniň ýene biri ýoly


Emma, W.Ýerofeýewiň pikirine görä, alternatiw energiýanyň has uly möçberde işläp çykarylmagyny esasan ýeliň güýji bilen işleýän elektrostansiýalaryň gurluşygy arkaly üpjün etmek mümkin.

Bilermen bu ugur Ýewropanyň tejribeleri ulanylsa, Türkmenistanyň tebigy şertlerinde netijeli bolup biler diýýär.

“Ýylyň aglaba böleginde güýçli şemally ýerler ýeterlik. Meselem, ýurduň Günbatary, Balkan welaýaty ýaly ýerlerde ýel generatorlarynyň gurulmagy we energiýanyň ýelden alynmagy örän netijeli we bähbitli bolup biler” diýip, W.Ýewrofeýew aýtdy.

Alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň ýangyç-energiýa serişdelerine baý döwletler üçin hem ahmiýetlidigini bilermenler belleýärler we alternatiw energiýa serişdeleriniň ekologik taýdan has arassa, maliýe çykdajylaryna gezek gelende bolsa, has arzan düşýänligini aýdýarlar.

Alternatiw energiýanyň ösüş tejribeleri we kynçylyklary

Ekologiýa boýunça alym, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň geňeşçisi Alekseý Ýablokow şeýle diýýär: “Dünýä häzir güýçli depginde özgerýär. Meselem, Şwesiýa atom stansiýalaryndan hem-de ýangyç-energiýa serişdelerini satyn almakdan el çekmek kararyny mälim edýär. Bu ýurt ýerli energiýa çeşmelerinden, hususan-da, agaç ekip, biomassadan energiýany işläp çykarmagy göz öňünde tutýar. Germaniýada, Ispaniýada hem energiýanyň ýarpysy alternatiw energiýa çeşmelerinden alynýar”.

Alekseý Ýablokow alternatiw energiýany işläp çykarmak üçin, tebigy şertlere garamazdan, dünýäniň ähli künjeklerinde dürli mümkinçilikleriň bardygyny we munuň üçin häzirki döwürde işlenen zerur tehnologiýalaryň bardygyny belledi we, hususan-da, pes temperaturaly geotermal energetika tehnologiýalaryny mysal hökmünde getirdi.

Emma alternatiw energetikanyň öňünde käbir päsgelçilikleriň-de durandygyny alym belledi. Onuň pikirine görä, ýangyç-energiýa serişdelerine baý döwletleriň şu günki gün örän girdejili atom energiýasy, nebit we gaz önümçiligi ýaly pudaklara esasy ünsüni gönükdirmegi alternatiw energiýa çeşmeleriniň ösdürilmeginiň öňündäki esasy böwetdir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda alternatiw energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy” boýunça şu günler Aşgabatda geçirilýän halkara konferensiýasyna gatnaşyjylara ýüzlenme ýollady.

Prezidentiň ýüzlenmesinde energiýa resurslaryny uly möçberde halkara bazarlaryna eksport etmek bilen bilelikde Türkmenistanda milli ykdysadyýetiniň pudaklaryna täze, ykdysady taýdan amatly we ekologiki taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça-da iş edilýänligi, alternatiw energetika ýurduň ýangyç-energiýa pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG