Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň «Nauryz» bankynyň ozalky başlygy tussag edildi


Düýn Gazagystanyň «Nauryz» bankynyň ozalky başlygy Orazaly Eržanow Moskwada tussag edildi.

Häzirki wagt jenap Eržanowyň Gazagystana ekstradisiýa edilmegi baradaky mesele boýunça Orsýet bilen Gazagystanyň gepleşik alyp barýandyklary habar berilýär.

Gazagystanyň häkimiýetleri mundan 5 ýyl ozal Orazaly Eržanowyň tussag edilmegi boýunça halkara gözlegini yglan edipdiler.

«Nauryz» bankynyň ozalky başlygy Orazaly Eržanow jenaýatçylyk toparyny döredip, 30 million dollar möçberinde döwlet puluny ogurlamakda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG