Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ermeni genosidi boýunça rezolusiýany ret etmäge çagyrýar


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly prezident Obamanyň administrasiýasyny I Jahan uruşy döwründe ermenileriň gyrgynçylygy bilen bagly rezolusiýany ret etmäge çagyrdy.

Ol Ankarada eden çykyşynda bu rezolusiýanyň Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň komitetinde kabul edilmeginiň özlerini gaty alada goýandygyny nygtady.

Häzir Türkiýe ABŞ-daky ilçisini geňeşmek üçin yzyna çagyrdy.

Türkiýänyň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan 4-nji martda bu waka bilen baglanyşykly ýaýradan beýanatynda Kongresiň ýörite komitetiniň hiç hili şert goýmazdan kabul eden bu rezolýusiýasynyň Türkiýe bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrjakdygyny duýdurdy.

Şeýle hem ol bu rezolusiýanyň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda indi bir asyr bäri dowam edip gelýän duşmançylygy aradan aýyrmak ugrundaky tagallalaryň hem öňüne böwet bolup biljekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG